Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

  • 12.05.2026 23:04
  • 2.9k+

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy.

Paramount Pictures studiýasynyň goldawy bilen taýýarlanylan dokumental taslamanyň önümçiligi 2025-nji ýylda başlandy. Bu barada aýdymçy konsertleriniň dowamynda janköýerlerine habar beripdi.

Kemeron The New York Times neşirine beren interwýusynda filmiň ideýasynyň täze «Awatar» filminiň üstünde işleýän wagty dörändigini aýtdy.

Filmiň surata düşüriliş işleri sahnada ýerleşdirilen 17 sany 3D-kamera arkaly alyp barlypdyr. Onuň dowamynda jemi dört sany konsert wideoýazga geçirildi.

Filmde diňe bir konsert çykyşlary däl, eýsem sahna arkasyndaky pursatlar, post-prodakşn materiallary, Billi Aýlişden alnan interwýular we onuň janköýerleri bilen gatnaşygy hem öz ýerini tutýar.

Maglumatlara görä, dünýä prokatynyň ilkinji günlerinde bu film takmynan 20 million dollar ýygnamagy başardy.

Soňky ýyllarda kino industriýasynyň konsert filmlerine bolan gyzyklanmasy ep-esli artdy. Mundan ozal Teýlor Swift, Harri Staýlz, Jeýms Teýlor we «The Cure» topary ýaly meşhurlaryň gatnaşmagynda hem şuňa meňzeş taslamalar ekranlara çykypdy.


23.06.2026 22:06
921

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......