Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

  • 13.05.2026 14:33
  • 2.6k+

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň eserleri bar.

Bäsleşik maksatnamasyna Pedro Almodowaryň, Asgar Farhadiniň, Pawel Pawlikowskiniň we Hirokadzu Koreedanyň filmleri goşuldy. Şol bir wagtyň özünde, guramaçylar häzirkizaman kinosynyň geografiýasyna uly üns berdi. Ispaniýa birbada üç film hödürleýär: Almodowaryň «Ajy Roždestwo» filmi, Rodrigo Srogoýeniň «Meniň söýgim» atly maşgala melodramasy we Hawýer Ambrossi bilen Hawýer Kalwonyň Federiko Garsiýa Lorkanyň tamamlanmadyk eseri esasynda düşüren «Gara şar» filmi.

Festiwalyň esasy ugurlarynyň biri Aziýa kinosy boldy. Ýaponiýa üç surat bilen hödürlenýär. Hirokadzu Koreeda «Gutudaky guzujyk» atly fantastik dramasyny (ady Sent-Ekzýuperiniň «Kiçijik şazada» eserine yşarat edýär), Kodzi Fukada — «Naginiň bellikleri» filmini, Rýusuke Hamaguti bolsa wakalary Parižiň garrylar öýünde bolup geçýän «Duýdansyz» atly filmini hödürlär.Iki gezek «Oskar» baýragynyň eýesi Asgar Farhadi Fransiýada surata düşüren «Parallel wakalar» filmini görkezer. Ol bu surat üçin Ýewropanyň meşhur ýyldyzlaryndan ybarat aktýor düzümini ýygnady: Izabel Ýupper, Wensan Kassel, Katrin Denýew, Pýer Nine we Wiržini Efira.

Şeýle hem, maksatnama Na Hon Jiniň koreý fantastik trilleri bolan «Umyt» filmi hem girizildi.

Amerikan kinosy Aýra Saksyň «Söýýän adamym» atly aýdym-saz dramasy we soňra bäsleşige goşulan Skarlett Ýohansson hem-de Adam Draýweriň gatnaşmagyndaky Jeýms Greýiň «Kagyz gaplaň» suraty bilen hödürlenýär.

Wenger režissýory Laslo Nemeş — ozal Kannda ýeňiji bolan we «Saulyň ogly» (2016) dramasy üçin «Oskar» alan hünärmen — fransuz Garşylyk hereketiniň gahrymany Žan Mulen baradaky «Mulen» taryhy filmi bilen festiwala dolanýar.

«Täze rumyn tolkunynyň» liderleriniň biri Kristian Munjiu kinofestiwalyna özüniň iňlis dilindäki ilkinji taslamasyny — «Fýord» filmini getirdi. Belläp geçsek, Munjiu «4 aý, 3 hepde we 2 gün» (2007) filmi bilen eýýäm «Altyn palma şahasynyň» eýesi bolupdy.

Ykrar edilen rus režissýory Andreý Zwiýaginsew Latwiýada rus dilinde we fransuz maýasyna düşürilen «Minotawr» filmini hödürlär.

«Režissýorlaryň iki hepdeligi» atly ugurdaş maksatnamada Radu Žude, Brýuno Dýumon, Kanten Dýupýo we Kantemir Balagow ýaly abraýly režissýorlaryň täze işleri görkeziler.

Eminler toparyna günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk ýolbaşçylyk edýär.

Kinofestiwal 23-nji maýa çenli dowam eder.


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....