«Jeýn Eýr» esasynda düşüriljek täze serialda baş keşbi Eými Lu Wud ýerine ýetirer

  • 02.03.2026 11:17
  • 4.2k+

Şarlotta Brontäniň «Jeýn Eýr» romanynyň esasynda surata düşüriljek täze teleserialda baş roly «Ak lotos» (The White Lotus) serialy arkaly tanalýan aktrisa Eými Lu Wud ýerine ýetirer. Bu barada Deadline neşiri Britaniýanyň Working Title studiýasyna salgylanyp habar berýär. 

Serialyň ssenariýasyny öň «Mirasdüşerler» (Succession) serialynyň döredilmegine gatnaşan Miriam Battiýe ýazar.
1847-nji ýylda ýazylan bu nusgawy romanynda wakalar XIX asyrda Angliýada özbaşdaklyga we jemgyýetçilik deňligine ymtylýan ýetim gyz Jeýn Eýriň ykbaly yzarlanýar.
Eser birnäçe gezek kino we telewideniýe üçin ekranlaşdyryldy, emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda kitabyň uly göwrümli şekillendirmesiniň başyna baran bolmandy. Kitabyň esasynda düşürilen filmleriň has-da ikisi uly meşhurlyk gazanypdy: biri — 1996-njy ýylda  režissýor Franko Dzeffirelliniň düşüreni (onda baş keşbi Şarlotta Gensbur ýerine ýetirýär), beýlekisi bolsa — 2011-nji ýylda Keri Fukunaganyň surata düşüreni (onda baş gahrymany janlandyran Mia Wasikowska).


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....