«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer

  • 25.02.2026 16:04
  • 4k+

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany aktýor ýerine ýetirer diýip, Comicbook portaly habar berýär.
Gahrymanyň ýaşlyk keşbini Alaster Staut ýerine ýetirer, has kämil ýaşdaky keşbini bolsa Luis Şelton oýnar.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Şelton taslamanyň birinji möwsüminde Garri bilen Ronuň jadyly Einalež aýnasyny tapýan sahnasynda peýda bolar.
Şeýle hem, saýt döredijilik toparyna beýleki artistleriň goşulandygyny mälim etdi: «Haýal atlar» (Медленные лошади) serialyndaky işi bilen tanalýan Naomi Wirter hanym Malkiniň keşbini aldy, Nil Edmond bolsa myhmanhana dolandyryjysyny oýnar.
Joan Roulingiň romanlarynyň täze ekranlaşdyrylmasynyň önümçiligi 2025-nji ýylyň tomsunda Beýik Britaniýada başlandy. Serialda esasy keşpleri Dominik MakLaflin (Garri Potter), Alaster Staut (Ron Uizli) we Arabella Stenton (Germiona Greýnjer) ýerine ýetirer. Serialyň 2027-nji ýylyň başynda tomaşaçylara hödürlenmegi meýilleşdirilýär.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....