Jeýms Kemeron «Awataryň» dowamy barada duýdansyz beýanat berdi

  • 09.03.2026 11:57
  • 3.6k+

Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar» filminiň dördünji we bäşinji bölümleriniň ekranlara çykmazlygynyň mümkindigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, taslamanyň dowamlylygy «Awatar: Ot we kül»  filminiň girdejisiniň ýagdaýyna bagly bolar.

Häzirki wagtda «Awatar 4» filminiň 2029-njy ýylda, «Awatar 5»-iň bolsa 2031-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýär. Eger studiya bulary surata düşürmekden ýüz öwürse, Kemeron hekaýatyň nähili tamamlanýandygyny ýa-ha ýörite metbugat maslahatyny geçirip, jemlemäni jikme-jik gürrüň bermek ýa-da kitap ýazmak arkaly mälim eder. Awtoryň kitap babatda bir ýaýdanýan ýeri, häzirki döwürde adamlaryň az okaýandygy bolup durýar.

Garaz režissýor «Awatar» äleminiň taryhynyň we medeniýetiniň doly işlenip düzülendigini gizlänok we ony zerur ýagdaýda paýlaşmaga taýýar. Gowy ýeri, häzirki wagtda üçünji filmiň girdejileri dördünji we bäşinji bölümleriň hem tomaşaçylara gowuşjakdygyna umyt döredýär.


düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....