Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy

  • 20.02.2026 22:20
  • 5.8k+

Focus Features kinokompaniýasy «Basgy» («Давление») atly harby dramanyň treýlerini hödürledi. Ilkinji görkezilişi 29-njy maýa meýilleşdirilen film dünýä prokatyna hem şol aýda çykar.

Taryhy filmiň sýužeti Ikinji jahan urşy döwründe antifaşistik goşunlaryň Normandiýa düşürilmeginden 72 sagat öňki wakalary öz içine alýar. Wakanyň merkezinde — soýuzdaş güýçleriň baş serkerdesi Duaýt D. Eýzenhauer we BBC-niň meteorology Jems Stegg durýar. 
Eýzenhauer amatsyz howa şertleriniň iň uly harby-deňiz operasiýasynda bökdençlik döretmeginden howatyr edýär. Goşunlaryň düşürilmeli wagty soňa geçirilse — ol hakdaky maglumatlar nemes içalylarynyň ellerine düşmegi ahmal. Operasiýany başlamak baradaky gutarnykly karary Eýzenhauer kabul edýär. Ol örän agyr basyş we wagt ýetmezçiligi şertlerinde hereket etmäge mejbur bolýar.
Filmde baş rolda «Oskar» baýragynyň eýesi Brendan Freýzer çykyş edýär. Şeýle-de onuň bilen Endrýu Skott, Demien Lýuis, Kerri Kondon we Kris Messina dagylar hem surata düşdiler. Filmiň režissýory öň «Otel Mumbaý: Garşylyk» («Отель Мумбаи: Противостояние») lentasynyň üstünde işlän Entoni Marasdyr.


şu gün 12:24
848

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
1.1k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 20:06
3.2k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....