Di Kaprio we Kristian Beýl «Darkaş» atly meşhur trilleriň dowamynda De Niro bilen Al Paçinoň ýerini tutar

  • 02.03.2026 23:50
  • 3.3k+

Kristian Beýl we Leonardo Di Kaprio amerikan režissýory Maýkl Mannyň "Darkaş" atly jenaýatçylykly trilleriň dowamynda baş keşpleri janlandyrarlar. Çikagonyň Consequence neşirine beren interwýusynda Beýl ikinji bölümde surata düşürmek üçin Çikago gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini tassyklady.

Leonardo DiKaprio hem öň bu taslama gatnaşýandygyny aýdypdy. Aktýorlaryň haýsy keşpleri janlandyrjagy heniz anyk mälim däl. Filmi şu ýyl surata düşürip başlamak meýilleşdirilýär.

Mann ýene-de filmiň režissýory bolar. Ssenariýa onuň 2022-nji ýylda Meg Gardiner bilen birlikde ýazan adybir romanyna esaslanýar. Bar bolan maglumatlara görä, aktýorlar düzümine Adam Draýwer, Ostin Batler we Stiwen Grem dagynyň goşulmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Sikweliň ýordumy iki döwri öz içine alar: 1980-nji ýyllar we 2000-nji ýyllaryň başlary.

Birinji bölüm 1995-nji ýylda çykypdy. Onda Robert De Niro, Al Paçino we Wel Kilmer baş keşplerde çykyş etdiler.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....