4.5k+

Tesla Cybertruck-yň iň arzan görnüşini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasy özüniň meşhur Cybertruck elektrik pikapynyň täze, has arzan görnüşini hödürledi. Iki motorly we ähli tigirleri hereketlendiriji ulgamly bu model 60 müň dollar bahasy bilen häzirki wagtda hataryň iň elýeterli pikapy boldy...

5.1k+

Atlantada dünýäde ilkinji sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy işe giriziler

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta aglomerasiýasynda dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan jemgyýetçilik ulag ulgamynyň synag taslamasyna badalga berilýär.  Kaliforniýanyň Glydways kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu tehnologiýa esas hökmünde ýörite gurlan ýollar boýunça özbaşdak hereket edýän sürüjisiz elektromobiller hyzmat edýär...

5.1k+

Tesla sürüjisiz taksileriniň köpçülikleýin önümçiligine başlady we bahanyň 30 müň dollardan pes boljakdygyny wada berdi

​Tesla kompaniýasy «Cybercab» elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Ilkinji seriýaly awtomobil eýýäm önümçilikden çykdy. Tesla Ilon Maskyň ozal beren wadasyny ýerine ýetirmegi we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulagy alyjylara 30 müň dollardan ýokary bolmadyk bahadan gowşurmagy meýilleşdirýär...

1.8k+

Xiaomi YU7 ilkinji gezek Hytaýyň iň köp satylan awtoulagy boldy

Xiaomi kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça YU7 krossoweriniň Hytaýyň awtomobil bazarynda satuw mukdary boýunça birinji orna çykandygyny yglan etdi. Sina neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi-niň täze modeli Geely Boyue L we Geely Geome Xingyuan ýaly güýçli bäsdeşlerini yzda galdyrmagy başardy...

2k+

Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar

The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär...

2.3k+

Ford elektrokarlaryň önümçiliginden milliardlarça dollar zyýan çekýär

Ford kompaniýasynyň elektrik ulaglary bölümi ("Model e") 2025-nji ýylyň dördünji çärýegini 1,2 milliard dollar zyýan bilen ýapdy. Kompaniýanyň çap eden maliýe hasabatyna görä, bu döwürde bölümiň girdejisi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 7% peselip, 1,3 milliard dollara düşdi...

2.7k+

Xiaomi gaýtadan işlenen salon bilen SU7 awtomobiliniň täze neslini görkezdi

Xiaomi kompaniýasy SU7 sedanynyň täze neslini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Hytaýda eýýäm deslapky sargytlar açyldy. Öndüriji awtoulagyň üpjünçiligi we dizaýny barada giňişleýin maglumat berdi. Awtomobiliň daşky görnüşi üýtgemedi diýen ýaly: kuzowyň formasy öňküligine galdy, ýöne täze Capri Blue reňki we 20 dýuýmlyk tigirler goşuldy...

6.3k+

Mercedes-Benz täze elektrikli GLC-ni tanyşdyrdy we awtopilotynyň tizligini sagatda 110 km-e çykardy

Las-Wegasda geçirilýän CES 2026 tehnologiýa sergisinde Mercedes-Benz kompaniýasy GLC krossoweriniň doly elektrikleşdirilen wersiýasyny we flagman S-Class sedanynyň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Täze elektrikli GLC modeli özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar: Daşky görnüşi: 942 sany yşyklandyrylan nokatly radiator gözenegi, korpusa "gizlenen" gapy tutawaçlary we aerodinamiki bamperler...

2.9k+

BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar. BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi...

3.7k+

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär...

4.3k+

Ford birnäçe elektrokarlaryndan ýüz öwürýär, LG bilen şertnamasyny ýatyrýar we 19,5 mlrd dollary hasapdan aýyrýar

Ford kompaniýasy elektrik awtoulaglarynyň birnäçe modeliniň önümçiligini bes edýändigini we 19,5 milliard dollarlyk aktiwlerini hasapdan aýyrýandygyny yglan etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, awtoulag öndürijisi elektrikleşdirme syýasatyny düýpli gözden geçirýär we öň meýilleşdirilen birnäçe taslamadan dänýär...

3.9k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi...

2.7k+

Xiaomi elektromobillerine howply ýagdaýlarda päsgelçiliklerden aýlanyp geçmegi öwretdi

Xiaomi hytaý kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna adaty tormoz tutma ýeterlik bolmadyk ýagdaýda ulagyň päsgelçiliklerden awtomatiki usulda aýlanyp geçmegine mümkinçilik berýän funksiýany goşdy. Öň ýokary tizlikde şeýle hereketi etmeklik hemme awtomatlaşdyrylan ulgamlara ynanylyp durlanokdy, ýöne Xiaomi bu çözgüdi seriýalaýyn çykarylýan awtoulaglara ornaşdyrmagy hödürlän ilkinji kompaniýalaryň biri boldy...

3k+

Honda täze elektrik “0” maşgalasyndan ikinji krossowerini görkezdi

Honda kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde adynda «alfa» nyşany bolan Honda 0 krossoweriniň prototipini ilkinji gezek görkezdi. Bu model täze elektrikleşdirilen “0” maşgalasynyň üçünji modeli bolup, ondan öň 0 Saloon atly sedan we has uly göwrümli 0 SUV krossoweri tanyşdyrylypdy...

3.4k+

Kia elektrik EV4-iň ilkinji suratlaryny görkezdi

Kia kompaniýasy 2026-njy ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän sport görnüşli elektrik hetçbek modeli bolan EV4-iň ilkinji suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulag gizlinlik örtügine gaplanyp görkezilýär. Kia EV4 GT sport görnüşli bamperler, ýiti reňkli tormoz supportlary we täze diskler bilen tapawutlanýar, yzynda bolsa dik ýagtylyk blogy bilen enjamlaşdyrylan diffuzor ýerleşýär...

5.9k+

Maskyň wadasyna garamazdan, Tesla Cybercab-da rul we pedal bolup biler

Tesla kompaniýasy öz geljekki Cybercab robotaksisini, ozal Ilon Maskyň awtomobiliň doly awtonom boljakdygyny aýdandygyna garamazdan, rul we pedal bilen üpjün edip biler. Bu barada Bloomberg habar berýär. Tesla-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Robin Denholm agentlik bilen söhbetdeşlikde adaty dolandyryş elementleriniň bolmagynyň federal howpsuzlyk düzgünlerine laýyk gelmek üçin zerur bolup biljekdigini aýtdy...