Xiaomi SU7 Ultra ulaglaryndan bir aýda bary-ýogy 45 sanysy satyldy. Öň 3000 satylýardy

  • 01.02.2026 21:50
  • 2.2k+

CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, Xiaomi SU7 Ultra elektromobiliniň iň güýçli görnüşine bolan isleg aýda 3000 bolanlygyndan dekabr aýynda bary-ýogy 45-e çenli azaldy.

2025-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda bu modeliň her aýda 2,4 müňden 3,1 müňe çenlisi satyldy. Emma sentýabr aýynda satuwlar 488 awtoulaga çenli azaldy we ýylyň ahyryna çenli iň pes görkezijä ýetdi.
Ultra wersiýasyna bolan islegiň peselendigine garamazdan, bu modeliň umumy satuw möçberi 10 000 birlikden geçdi. Bu bolsa kompaniýanyň meýilnamalaryna doly laýyk gelýär. Beýleki modellerde bolsa oňyn ösüş dowam edýär: dekabr aýynda 11 100 sany Xiaomi SU7 we 39 000 sany Xiaomi YU7 satyldy.
2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa jemi 411 837 awtoulag satyp, dünýäniň iň uly on sany elektrik awtoulag öndürijisiniň hataryna goşuldy. Korporasiýa 2026-njy ýylda satuw görkezijisini 550 000 awtoulaga ýetirmegi maksat edinýär.
1548 at güýjüne eýe bolan Xiaomi SU7 Ultra 2025-nji ýylyň fewral aýynda, bahasy 530 000 ýuandan başlap satuwa çykarylypdy. Bu elektrik awtoulagy sagatda 350 km tizlik bilen hereket edip bilýär.


düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....