Ford elektrokarlaryň önümçiliginden milliardlarça dollar zyýan çekýär

  • 13.02.2026 10:51
  • 2.4k+

Ford kompaniýasynyň elektrik ulaglary bölümi ("Model e") 2025-nji ýylyň dördünji çärýegini 1,2 milliard dollar zyýan bilen ýapdy. Kompaniýanyň çap eden maliýe hasabatyna görä, bu döwürde bölümiň girdejisi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 7% peselip, 1,3 milliard dollara düşdi.

Maliýe görkezijileriniň aşaklamagyna birnäçe faktor täsir etdi:

  • Döwlet tarapyndan berilýän salgyt ýeňillikleriniň bes edilmegi;
  • Meşhur F-150 Lightning elektrik pikapynyň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylmagy;
  • Elektrik ulaglaryna bolan islegiň garaşylandan pes bolmagy we bäsdeşligiň artmagy.

Elektrik awtoulaglary ugrunyň umumy ýyllyk zyýany 4,8 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 300 million dollar az bolsa-da, pudagyň heniz girdejili däldigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, sebitdäki ýyllyk girdeji 3,9 milliard dollardan 6,7 milliard dollara çenli ýokarlandy.
Elektrik segmentindäki kynçylyklara garamazdan, Ford korporasiýasynyň 2025-nji ýyl üçin umumy girdejisi rekord derejä — 187,3 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa geçen ýyldaky netijeden 1% köpdür. Bu ösüş esasan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglar (Ford Blue) we täjirçilik awtoulaglary (Ford Pro) bölümleriniň hasabyna gazanyldy.

“Biz girdejililigi ýokarlandyrmak üçin üç esasy ugra yzygiderli üns berýäris. Olar elektrik awtoulaglarymyzyň netijeliligini gowulandyrmak, durnukly ösýän ýokary girdejili biznes ugrumyz we indiki nesliň innowasion önümleri” — diýip, Ford-uň baş direktory Jim Farli belledi.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....