BMW M3 elektrokary gaty sesi bilen benzinli ulaglara «öýkünip» bilýär

  • 27.01.2026 15:22
  • 3.7k+

BMW kompaniýasy elektromobil ugruna geçilýän şertlerde sport modellerine mahsus sesi saklamagy meýilleşdirýär. BMW M3-niň elektrik görnüşi kapotyň aşagynda adaty hereketlendiriji bolmasa-da, benzinli hereketlendirijiniň sesini döredýär.

BMW Blog-a salgylanylýan wideoşekilde, ýokary takyklykdaky mikrofonlar arkaly BMW-niň klassik güýç gurluşlarynyň ýazga alnan sesleri görkezilýär. Geljekki model üçin “ses banky” diýlip atlandyrylýan toplum döredildi. Oňa F82 kuzowly M4 GTS-den biturbirlenen alty hatar silindrli gurluşynyň sesi, E92 nesilli M3 GTS-den atmosferaly V8-iň sesi, şeýle hem E64 kuzowly M6-da ulanylan 5 litrlik V10-nyň sesi girizildi.
Garaşylyşy ýaly, inženerler diňe ses ýazgylaryny dinamika arkaly gaýtadan ýaňlandyrmak bilen çäklenmezler. Arhiw ýazgylaryny elektrik hereketlendirijileriniň tebigy sesi bilen birleşdirýän çylşyrymly ses ulgamyny döretmek  meýilleşdirilýär.
Elektrikleşdirilen BMW M3-niň ilkinji görkezilişi indiki ýylda garaşylýar. Resmi däl maglumatlara görä, awtomobil 108,7 kWt sag sygymly akkumulýatora we dörde golaý elektrik hereketlendirijisine eýe bolar. Benzinli M-seriýa modellerini iň bärkisi, 2028-nji ýyla çenli çykarmak meýilleşdirilýär.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......