Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

  • 12.05.2026 19:02
  • 1.7k+

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha bermegine görä, awtoulag bir gezekki zarýad bilen 700 kilometre çenli ýol geçip bilýär.

Kompaniýanyň bellemegine görä, geçilýän aralyk tekerleriň görnüşine baglydyr. 20 dýuýmlyk tomusky tekerler bilen bu görkeziji 700 kilometre ýetýän bolsa, ähli möwsümlere niýetlenen (all-season) tekerler bilen takmynan 615 kilometr töweregi bolýar. Bu tapawuda garamazdan, BMW özüniň iX3 modelini öz klasynyň liderleriniň biri hasaplaýar we onuň Tesla Model Y ýaly birnäçe bäsdeşlerinden üstün çykýandygyny mälim edýär.

Kompaniýa täze ulagyň bahasyna hem aýratyn üns çekdi. Elektrikli BMW iX3 50 xDrive-yň bahasy 62 850 dollardan başlaýar, emma benzinli BMW X3 M50 xDrive-yň bahasy bolsa 67 850 dollardan başlanýar. Şunlukda, elektrikli görnüş has güýçli hereketlendiriji ulgamy bilen enjamlaşdyryldy — benzinli modeliň 393 at güýjüne garşy elektrikli modelde 463 at güýji bar.

Awtoulagyň ýene bir möhüm aýratynlygy — 400 kWt kuwwatyna çenli örän çalt zarýad beriş ulgamyny goldamagydyr. BMW-niň maglumatlaryna görä, bary-ýogy 10 minut zarýad bermek arkaly geçilýän aralygy takmynan 300 kilometr artdyrmak mümkindir.

ABŞ-da BMW iX3 50 xDrive üçin sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy. Awtoulagy öňünden sargyt etmek üçin 1000 dollar möçberinde depozit goýmaly. Sargyt edilen ulaglaryň eýelerine gowşurylyp başlanmagy bolsa sentýabr aýyna meýilleşdirilýär.


düýn 09:56
4.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....