Hytaýda işlenip düzülen, elektrik awtoulag batareýalary üçin niýetlenen termal gorag 1300 ℃ -a çenli çydap bilýär

  • 26.04.2026 16:01
  • 2.3k+

Nankin tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny gyzmakdan we ýanyp gitmekden goraýan material oýlap tapdylar diýip, CarNewsChina ýazýar.

Bu işlenip düzülen önüm kremniý dioksidine esaslanýan inçe, 2,3 mm galyňlykdaky aerogel listinden ybarat. Material doly diýen ýaly howadan ybarat bolup, bu bolsa ýylylyk geçirijiligini peseldýär we ýylylyk berijiligi haýalladýar.

Onuň maksady batareýanyň elementleriniň arasynda aşa gyzgynlygyň ýaýramagynyň öňüni almakdyr. Bu, aýratyn hem, temperatura çürt-kesik ýokarlanyp, ýangyna sebäp bolup bilýän gyzgynlygyň ýokary depýän döwründe möhümdir.

Material 1300 gradus gyzgynlyga çenli çydap bilýär. Synaglaryň dowamynda onuň bir tarapy bäş minutlap 1000 gradusa çenli gyzdyryldy, şonda beýleki tarapy 100 graduslygyna galdy. Şeýle temperatura tapawudy iki sagada çenli saklanyp bilýär.

Materialyň güýçli basyş astynda hem berkligini saklaýandygy bellenilýär.

Işläp düzüjiler bu tehnologiýanyň eýýäm batareýa öndürijiler tarapyndan ulanylýandygyny habar berýärler.


düýn 23:52
1.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......