Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord

  • 23.01.2026 15:51
  • 2.3k+

Xiaomi Auto kompaniýasy önümçilik elektromobilleri üçin täze rekord goýdy. Onuň döwrebaplaşdyrylan SU7 Max sedany 24 sagatda diňe zarýad almak üçin saklanyp, 4 264 km ýol geçdi.

Ozal önümçilik elektromobilleriniň arasynda rekord geçen ýylyň tomsunda bir günde 3 961 km geçen Xpeng P7 liftbegine degişlidi. Şeýle-de, 5 479 km geçip bilýän Mercedes-AMG GT XX konsepti bar, ýöne ol entek önümçilik modeli hökmünde çykarylmaýar.
Rekord goýmak üçin CLTC sikli bounça 835 km çenli ýol ätiýajyny alan SU7 Max ulanyldy. Batareýanyň naprýaženiýasy 871 woltdan 897 wolta çenli artdyryldy, bu hem zarýad berşi çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi: 15 minutda akkumulýator öňki 510 km deregine 670 km ýoly doldurýar. Iki hereketlendirijili enjamyň kuwwaty 673 at güýjünden 690 at güýjüne çenli ýokarlandy.
Täzelenen SU7 üçin sargytlar 7-nji ýanwarda açyldy. Bahalar 229 900 ýuandan 309 900 ýuana (takmynan, 33 müň dollardan 44,5 müň dollara çenli) barabar. Üpjünçilik aprel aýynda başlar. Köne wersiýa üçin sargyt beren müşderilere täze wersiýa bilen çalyşmak mümkinçiligi-de hödürlenýär. 


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.3k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....