Xiaomi gaýtadan işlenen salon bilen SU7 awtomobiliniň täze neslini görkezdi

  • 10.01.2026 11:36
  • 2.8k+

Xiaomi kompaniýasy SU7 sedanynyň täze neslini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Hytaýda eýýäm deslapky sargytlar açyldy. Öndüriji awtoulagyň üpjünçiligi we dizaýny barada giňişleýin maglumat berdi.

Awtomobiliň daşky görnüşi üýtgemedi diýen ýaly: kuzowyň formasy öňküligine galdy, ýöne täze Capri Blue reňki we 20 dýuýmlyk tigirler goşuldy. Esasy üýtgeşmeler salonyň içinde bolup geçdi.
SU7 ýokary hil bilen doly gaýtadan işlenen interýere eýe boldy. Täze «Ýarygije gara» reňki peýda boldy, iki reňkli rul, merkezi konsol, oturgyçlar we salonyň yşyklandyryşy bolsa täzelendi.
Rul YU7 ýaly iki reňkli dizaýnda ýerine ýetirildi, merkezi konsolyň T-şekilli böleginde bolsa mehaniki düwmeler peýda boldy. Şeýle-de, telefona zarýad bermek üçin ýer we stakan saklaýjylar üýtgedildi.
Xiaomi SU7-niň täze nesli 140 dollar möçberde öňünden töleg geçirmek bilen sargyt etmek üçin Xiaomi Auto programmasynda elýeterlidir. SU7-niň köne wersiýasy üçin eýýäm sargyt beren, ýöne entek öz sargydyny kabul etmedik müşderiler üçin kompaniýa çäkli wagtyň içinde täze modele çalyşmak hyzmatyny-da hödürleýär. 


26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....