Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

  • 28.01.2026 16:39
  • 3.2k+

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär.
ACEA-nyň statistikasyna görä, 2024-nji ýylyň dekabrynda satuwyň 33,7%-i gibrid awtomobilleriň, 29,4%-i benzin ulaglarynyň we 15,9%-i doly elektrik ulaglarynyň paýyna düşüpdi. 2025-nji ýylyň dekabrynda gibridleriň paýy şol bir derejede (33,7%) galdy, ýöne elektromobilleriň paýy 22,6%-e çenli ýokarlandy. Benzin awtomobilleriniň paýy bolsa 22,5%-e çenli peseldi.
Umuman, 2025-nji ýylyň dowamynda ÝB-de 1,88 milliondan gowrak täze elektromobil satyldy, bu bolsa ähli satuwyň 17,4%-ini emele getirýär. Gibrid ulaglar bazaryň 34,5%-ini (takmynan, 3,7 mln awtomobil) eýeledi. Benzin hereketlendirijili ulaglaryň satuwy 26,6% (2,8 mln), dizel ulaglarynyňky bolsa 8,9% boldy. ACEA benzin we dizel ulaglaryna islegiň azalýan döwründe elektromobilleriň we gibridleriň satuwynyň durnukly ösýändigini belleýär.
Elektrokar bazarynyň ösmegi bilen, Tesla kompaniýasynyň Ýewropadaky paýy 20,2% azaldy. Onuň bäsdeşleriniň satuwy bolsa ýokarlandy: Volkswagen 10,2%, Hytaýyň BYD öndürijisi 229,7% ösüş görkezdi.
2025-nji ýylda Ýewropada täze awtomobilleriň umumy satuw göwrümi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% artsa-da, ACEA-nyň nygtamagyna görä, bu görkezijiler pandemiyadan öňki derejeden pes bolmagynda galýar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......