Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

  • 01.05.2026 15:03
  • 1.6k+

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi.

Takmynan 15 sagat dowam eden bu syýahat göni efirde ýaýlyma berildi. Ýoluň tutuş dowamynda diňe bir gezek zarýad bermek üçin säginildi. Energiýanyň ortaça sarp edilişi her 100 kilometr üçin 14,6 kWt·sag boldy.

Şanhaýa gelnen pursadynda batareýanyň zarýady 3% galdy, bu bolsa takmynan ýene 19 kilometr ýol üçin ýeterlikdir. Ýokary tizlikli ýollarda awtomobiliň ähli ulgamlary kadaly tertipde işledi.

Kompaniýa bu hili synaglaryň awtomobiliň hakyky mümkinçiliklerini görkezýändigine we onuň energiýa netijeliligini tassyklaýandygyna ynanýar. Göni ýaýlym arkaly tomaşaçylar sürüjä kömek beriji ulgamlaryň işine we batareýanyň gyzgynlyk derejesiniň saklanyşyna syn etmäge mümkinçilikaldylar.

Hünärmenleriň pikirine görä, kompaniýanyň ýolbaşçysynyň bu synaga hut özüniň gatnaşmagy brende bolan ynamy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Synagyň netijeleri bu modeliň uzak aralyklary geçýän elektromobiller toparynda bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär.


düýn 11:18
4.2k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......