GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

  • 23.05.2026 23:52
  • 2.9k+

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak kararyna geldi.

Carscoops kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň çeken zyýany 8,7 milliard dollara deň boldy. Taslama Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýardy. Desganyň gurluşygy ilkinji gezek üç ýyl mundan ozal yglan edildi. Maýa goýumlarynyň möçberi 3,5 milliard dollara, iş orunlarynyň sany bolsa 1600-e deň diýlip bahalandyrylýardy.

Zawodyň ýylda 300 000 elektrik awtoulagy üçin batareýa öndürmegine, soňra bolsa kuwwatynyň 360 000-e çenli artdyrylmagyna garaşylýardy. Şeýle-de bolsa, häzirki isleg garaşylýandan pes bolup çykdy.

Indiana ştatyndaky meýdançada esasy binanyň gurluşygy eýýäm tamamlanypdy. Kompaniýa taslamany togtatmazdan ozal korpusy diklemegi we käbir daşarky işleri tamamlamagy meýilleşdirýär.

General Motors kompaniýasy entek taslamany gutarnykly ýatyrmagy göz öňünde tutulmaýandygyny mälim etdi. Kompaniýa önümçilik kuwwatyny häzirki bazar şertlerine laýyklaşdyrmagy we goşmaça kararlary soňra yglan etmegi meýilleşdirýär.

2024-nji ýylda konsern öz paýyny 1 milliard dollara satyp, Miçiganda LG bilen bilelikde başlanan başga bir bilelikdäki batareýa zawodynyň gurluşygyndan ýüz öwrüpdi.

Birinji çärýekde GM-niň ABŞ-daky satuwy 10%-denem  azaldy, ýöne käbir elektrik awtoulag modellerine bolan isleg 80% peseldi. Netijede, kompaniýa iki elektrik modeli öndürilýän Detroýt zawodynyň işsiz durmak möhletini uzaltdy.


şu gün 12:35
1.3k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
2.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.9k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......