Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler
Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....
Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....
General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......
General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar...
Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...
Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...
General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...
General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...
General Motors kompaniýasynyň dizaýnerleri geljegiň elektromobilçiligine bolan garaýşyny görkezýän taslamalaryň toparyny tanyşdyrdylar. P1-den P5-e çenli indekslenen konseptler — sportkaradan başlap, ýolagçy ulagyna, hatda uçýan maşyna çenli dürli ulag görnüşlerini öz içine alýar diýip, Carscoops ýazýar...
General Motors we Hyundai Motor kompaniýalary azyndan bäş sany täze awtomobil modelini bilelikde işläp taýýarlamak we çykarmak barada ylalaşdy. Önümçiligi 2028-nji ýyla çenli başlamak meýilleşdirilýär. Hyzmatdaşlyk hytaý awtoöndürijileri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe çykdajylary azaltmaga gönükdirildi...
General Motors kompaniýasy noutbuk, iýmit ýa-da kitap goýulýan stola öwrülip bilýän tirsekligiň gurluşyny patentledi. Patent üçin arza 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda berildi, ýöne indi çap edildi. Resminama laýyklykda ulgam üç aýlanýan bölümden durýar...
General Motors sürüjiniň ýa-da ýolagçylaryň emosional ýagdaýyny tanaýan we awtoulagyň içini şoňa sazlaýan tehnologiýany patentledi. Ulgam keýpiňi seljermek üçin kameralary, mikrofonlary, ýüregiň urşunyň sensorlaryny we dem alşy duýýan datçiklerini ulanýar...
General Motors sürüjilere ýol şertleriniň ýaramazdygyny duýdurýan ulgam üçin patent almaga arzasyny berdi. 2023-nji ýylyň dekabrynda berlen arza US 2025/0200526 A1 belgisi bilen 2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige mälim boldy diýip, GM Authority habar berýär...
General Motors üçege gurnalan gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň çişirilýän modullary bilen bagly bolup biljek näsazlyk sebäpli 2018-2019-njy ýyllaryň Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplarynyň yzyna ýygnalýandygyny habar berdi...
General Motors kompaniýasy smartfonlar üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny patentledi. Onuň US 2025/0178549 A1 belgi bilen neşir edilen patentinde diňe bir täze amatly jübi däl, eýsem öňdäki oturgyjyň arka tarapynda gurlan doly derejeli zarýad moduly beýan edilýär...
General Motors süýşýän gurnama stoljykly kämilleşdirilen goş gutusyny patentlemek üçin arza berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne 2025-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi. Oýlap tapyş iş stoljugy görnüşinde ulanmaga mümkinçilik berýän mehanizmli goş gutusydyr...
General Motors 2022-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň dekabry aralygynda öndürilen Cadillac Lyriq elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi öňdäki podweskanyň stabilizatorynyň boltlarynyň gowşaklygy bilen bagly...
General Motors täze Chevrolet Corvette sport awtoulagynyň prototipini görkezdi. Bu britan dizaýn studiýasy tarapyndan döredilen C9-yň nesli üçin üç nusganyň ilkinjisidir. Galan ikisi 2025-nji ýylda hödürlener we...
2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça General Motors ABŞ-da 693 müň awtoulag satyp, 17 göterim ösüş gazandy. Bu kompaniýanyň 2018-nji ýyldan bäri iň gowy netijesidir. Ösüş ähli brendlerde diýen ýaly...
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 3-nji aprelden başlap, ýeňil awtoulaglaryň, ýük awtoulaglarynyň we awtoşaýlaryň importyna 25% gümrük paçlaryny girizmek hakynda buýruga gol çekdi. Bu barada ol Ak tamyň Gül bagynda...
General Motors kompaniýasy Cadillac Optiq 2025-iň aýna süpürgiçleriniň durýan ýerindäki gyzdyryjy ulgamyň näsazlygynyň düzedilendigi barada beýanat çykardy. Yşyklandyryşy dolandyryş modulynda programma üpjünçiliginiň...
2024-nji ýylda Xiaomi kompaniýasy SU7 modeliniň mart aýynda hödürlenendigine garamazdan, Ford we General Motors ýaly amerikan kompaniýalaryndan köp elektromobil satmagy başardy. Bu barada CCN habar berýär. Elektronika...
General Motors Hytaýda 2026-njy ýylda öndürilen Cadillac Lyriq-V-ni hödürledi. Bu diňe bir V-Series-iň hataryndaky ilkinji elektrik awtoulagy bolman, eýsem, Tesla Model X Plaid-e we BMW iX M60-a garşy durmaga taýyn...
Geçen ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly awtoöndürijileriniň arasynda hytaý kompaniýalary öz satuwyny ep-esli artdyrmagy başardy. Uly ösüşi, esasan, BYD Auto we Geely Holding konsernleri görkezdi diýip, açyk maglumatlara...
Bir ýyl mundan öň General Motors täze dizaýn we salon bezegini alan Chevrolet Equinox 2025-iň täze dördünji neslini çykarypdy. Indi Chevrolet Equinox 2026 ýetip gelýär, ol ulaga uly bolmadyk üýtgeşmeleri we täze...
Iri amerikan awtokonsernleri Ford Motor we General Motors, şeýle-de Toyota ýapon kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümçesi Donald Trampyň inaugurasiýa gaznasyna 1 mln dollar bermek kararyna geldiler. Reuters bu...
General Motors (GM) hyzmatdaşy TWG Global bilen bilelikde täze topar döredip, 2026-njy ýylda “Formula-1-e” goşulmakçydygyny resmi taýdan habar berdi. Şeýle-de, kompaniýa geljekki ýaryşlar üçin hususy hereketlendirijilerini...
General Motors (GM) Miçigan ştatynyň Uorren şäherindäki tehniki merkezinde batareýa öýjükleriniň prototipini işläp taýýarlaýan zawody gurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Taslama 145 million dollar maýa goýlar...
Hyundai Motor Group bilen General Motors geljekki awtomobilleriň we arassa energiýa tehnologiýalarynyň üstünde bilelikde işlemek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (MoU) gol çekdiler...
General Motors (GM) dünýäniň iň uly awtoulag bazaryndaky satuwynyň pese gaçmagy sebäpli, Hytaýdaky işgärleriniň sanyny azaltmaga taýynlanýar. Iýul aýynda SAIC General Motors-yň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende...
ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy müdirligi (NHTSA) töwekgelçilik döredýän howpsuzlyk ýassygy bilen enjamlaşdyrylan 51 million ulagy yzyna çagyrmak baradaky karary tassyklady. ITHome-iň bellemegine görä...
Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp.-y we amerikan General Motors-y Corolla-nyň, Matrix-iň, RAV4-iň we Pontiac Vibe-iň, takmynan, 61 müň sany köne modeliniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Takata tarapyndan öndürilen...
Amerikanyň GM konserni FIA-nyň Formula 1-iň awtoulaglarynyň güýç gurluşyny üpjün ediji hökmünde hasaba alnandygyny habar berdi. Konsern agzalan üpjün ediji hökmünde diňe 2028-nji ýylda çykyş etmäge başlar, ýöne...
General Motors 2024-nji model ýylyndan başlap, öz elektrik ulaglaryna energiýanyň “paýlanyşyny” funksiýasyny girizip başlar. Çekiş batareýasynda ätiýaçlykda galan elektrik energiýasyny, mysal üçin, jaý bilen...
General Motors Co. (GM) amerikan awtoöndürijisi 2022-nji ýylda ABŞ-nyň bazarynda satuw boýunça Toyota Motor Corp. kompaniýasyndan öňe geçip, liderligini gaýtaryp aldy. Geçen ýyl amerikan bazarynda GM-iň satuwy...
ABŞ-da General Motors-yň ýarym million töweregi modelini howpsuzlyk kemeri sebäpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ugradylar. Cadillac Escalade, GMC Yukon, Chevrolet Suburban we Tahoe wnedorožnikleriniň üçünji...
Amerikan awtoöndürijisi General Motors (GM) 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 40% azaltdy, şol bir wagtyň özünde düzedilen görkeziji bazaryň garaşanyny ödemedi. Bu barada interfax.ru habar berýär...
Täze GMC Hummer EV wnedorožnigini edinmek üçin häzirki wagtda 17 ýyl töweregi nobata durmaly: Wall Street Jounal neşiriniň habar bermegine görä, önümçiliginiň häzirki göwrüminde ähli alnan sargytlary ýerine ýetirmek...
General Motors konserni ulag sürmegi öwretmäge niýetlenen gözükdirijisiz işleýän awtoulagy patentlemek isleýär. Degişli sargyt ABŞ-yň Patentler we haryt nyşanlary boýunça ofisiniň bazasynda ýerleşdirilen. Resminamada...