I çärýekde ABŞ-da ulag satuwynyň görkezijileri: GM 2018-nji ýyldan bäri iň oňat netijäni gazandy

  • 08.04.2025 23:40
  • 8.1k+

2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça General Motors ABŞ-da 693 müň awtoulag satyp, 17 göterim ösüş gazandy. Bu kompaniýanyň 2018-nji ýyldan bäri iň gowy netijesidir.

Ösüş ähli brendlerde diýen ýaly hasaba alyndy: Chevrolet, GMC, Cadillac. GM-iň elektrik ulaglarynyň satuwy 94% ýokarlandy.
Lexus-yň üstünligi netijesinde Toyota 570 müň awtoulag (+ 0,9%) bilen ikinji ýeri eýeledi.
Ford 501 müň awtoulag satdy, ýöne 1%-i ýitirdi. Kompaniýa iň meşhur pikaplary bolan F-Series-e (+ 15%) we Ranger-e (+ 678%) daýanyp saklanýar.
Kia we Mazda çärýekde rekord goýdy, Hyundai bilen Honda hem ösüşi görkezdi.
Satuwy 12% azalan (293 müň awtoulag) Stellantis-iň ýagdaý gowy däl. Tesla satuwynyň 13% azalmagy bilen (336 müň elektrik awtoulagy), hasam zyýan çekýär.
Daşary ýurtlardan getirilýän awtoulaglara we bölek şaýlara goýlan täze 25% töleg, hatda ABŞ-da ýygnalýan awtoulaglar üçinem maddy-tehniki üpjünçiligi kynlaşdyryp biler. Bazar umumy ösüşe garamazdan, 2025-nji ýylda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......