Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplary üçegiň howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli yzyna gaýtarylýar

  • 07.07.2025 10:42
  • 2.7k+

General Motors üçege gurnalan gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň çişirilýän modullary bilen bagly bolup biljek näsazlyk sebäpli 2018-2019-njy ýyllaryň Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplarynyň yzyna ýygnalýandygyny habar berdi.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda çykan awtomobilleriň birinde ýassyk işlemese-de modulyň ahyrky gapagynyň öz-özünden aýrylmagy bolup geçdi. Şeýle-de, çişirilýän elementiň korpusynyň ýyrtylmak töwekgelçiligi bar.
Meseleli ýassyk modullary 2018-nji ýyldan soň Takata-nyň ornuny eýeläp, GM-niň üpjün edijisi bolan Joyson Safety Systems kompaniýasy tarapyndan üpjün edildi. Kemçilik 84487867 we 84487868 belgili komponentlere degişli. Dowam edýän derňewlere garamazdan, öndüriji degişli toplumdan ähli modullary yzyna gaýtarmak kararyna geldi.
Şeýlelikde, 1500, 2500 we 3500 seriýaly Silverado we Sierra modelleri yzyna ýygnalar. Bu pikaplara ikinji derejeli bazarda isleg ýokary, şonuň üçin awtoulag eýelerine barlag we zerur bolan ýagdaýynda modullary çalyşmak üçin resmi dilerlere ýüz tutmak maslahat berilýär.


16.11.2025 16:19
2.8k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...

31.10.2025 15:44
4.6k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

22.10.2025 20:17
3.7k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...

17.10.2025 00:22
3.7k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...