General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk üç ölçegli (3D) kartasyny düzmäge mümkinçilik berer. Patent ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy tarapyndan çap edildi.
Tehnologiýanyň düşündirişine görä, awtoulaglar kameralardan, radarlardan, lidarlardan we ýerleşiş datçiklerinden maglumat ýygnar we ony deslapdan gaýtadan işlär. Soňra maglumatlar «ýokardan syn» formatyna geçirilýär we bulut ammaryna iberilýär.
Dürli awtoulaglardan gelen maglumatlar sinhronlaşdyrylandan soň, ulgam daşky gurşawyň ýeke-täk üç ölçegli modelini emele getirýär. Ol yzyna — awtoulaglaryň multimediýa ulgamlarynyň ekranlaryna we sürüjisiz dolandyryş funksiýalarynyň bloklaryna iberilýär.
Bu tehnologiýanyň sürüjilere we awtopilotlara gönümel görüş meýdanyndan daşardaky ýol ýagdaýy barada maglumat almaga mümkinçilik berjekdigi çak edilýär. Bu ýerde päsgelçilikleriň aňyrsynda gizlenen awtoulaglar, pyýadalar we boş duralga ýerleri barada gürrüň gidýär.
Patentde maglumat alyşmagyň awtoulagyň töweregindäki 50–75 metr radius bilen çäklenjekdigi bellenilýär. Şeýle aralyk hasaplaýyş ulgamlaryna düşýän ýüki azaltmaly we iberilýän trafigiň möçberini kemeltmeli.
Ulgamy ornaşdyrmak üçin maglumat alyşmak teswirnamalaryny standartlaşdyrmak, şeýle hem ulanyjylaryň gizlinlik meselelerini çözmek talap ediler.