Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

  • 16.11.2025 16:19
  • 3.2k+

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi.

Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler.
Romano kompaniýanyň bar bolan platformany ulanyp, "diňe nyşany ýelmemek" bilen oňmak islemeýändigini nygtady. Pikabyň dizaýny eýýäm tassyklandy.

"Bu kepillendirilen. Ine, senesi, ine, awtoulag, ine-de, häsiýetli aýratynlyklary. Meýilleşdiren zatlarymyzyň hemmesini durmuşa geçirsek, netije hakykatdanam aňyňyza zarba urar, ajaýyp bolar" –diýip, top-menejer gürrüň berdi.

Şeýle hem, ol güýç gurluşynyň adaty bir zat däldigini aýtdy: "Bu häki bir geçirilýän  gibrid däl, bu gibridiň başga bir görnüşi bolar, ine, bar aýdyp biljek zatlarym."
Bilermenleriň çaklamasyna görä, gürrüň EREV (ýöreýiş ätiýaçlygy köpeldilen  elektrik ulagy) ulgamy hakynda barýan bolmagy mümkin, bu ýerde içinden ýandyrylýan hereketlendiriji ulagy gönüden-göni sürmek üçin däl-de, diňe elektrik öndürmek üçin ulanylýar.
Täze pikap Kia Tasman-yňka meňzeş göwrümli çarçuwaly platformany ulanar. Model Toyota Hilux, Isuzu D-Max, Nissan Navara, Mitsubishi Triton, Ford Ranger, Chevrolet Colorado, Toyota Tacoma, Nissan Frontier we VW Amarok bilen bäsleşmäge gönükdirilendir. Segment mazmuna baý, ýöne Hyundai öz mümkinçiliklerine ynamly.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....