Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar

  • 02.03.2026 22:02
  • 1.7k+

General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar.

Benzin bilen işleýän täze awtoulaglaryň eýeleri ulag duran ýerinden bat alyp ugranda ýa-da transmissiýa pes ikinji tizlikde işlände rulda, oturgyçlarda we polda äşgär "sandyramany" duýupdyrlar .

Kompaniýanyň inženerleri häzirki wagtda tehniki näsazlygyň anyk sebäbini bilmäge synanyşýar. Rahatsyzlyga garamazdan, öndüriji resmi taýdan näsazlygyň ulagyň howpsuzlygyna ýa-da çydamlylygyna täsir etmeýändigini, şonuň üçin ulagy adatdaky tertipde ulanmagy dowam etmegiň mümkindigini kepillendirýär.

Häzirki wagtda tehniki seljerme tamamlanýança dilerler şikaýatlary hasaba alyp, alamatlary tassyklamaly.

Meksikada öndürilen Equinox-iň dördünji nesli brendiň iň möhüm modelleriniň biridir. GM derňew tamamlanandan soň derrew abatlaýyş çözgüdini hödürlejekdigine söz berýär.


25.05.2026 16:22
2.5k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......

03.05.2026 15:13
1.6k+

Chevrolet Colorado ZR2 üçin täze üstüni ýetiriş bukjalary görkezildi

American Expedition Vehicles (AEV) kompaniýasy üçünji nesil Chevrolet Colorado ZR2 pikapynyň üçünji nesli üçin täze üstüni ýetiriş bukjalaryny hödürledi. Bu gowulandyrmalar ýolsuz ýerler üçin mümkinçilikleri......

27.04.2026 15:32
3.7k+

GM awtoulagyň işläp taýýarlanyş tizligini birnäçe minuta çenli gysgaltdy: nädip?

General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ​​ konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......

21.04.2026 01:13
3.3k+

Chevrolet dünýä bazarlary üçin “kebelek galstugyny” täzeleýär

Chevrolet kompaniýasy Günorta Amerikanyň bazary üçin Sonic krossowerinde ilkinji gezek ulanyljak täzelenen Bowtie logotipini görkezdi....