Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

  • 02.06.2026 17:35
  • 5.2k+

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi.

Çärýek mil aralygyna guralan bu bäsleşik "Drag Times" YouTube kanaly tarapyndan geçirildi. Bu ýaryş has elýeterli amerikan modeliniň dinamika boýunça ykrar edilen liderden üstün çykandygyny görkezdi.

Dört tekeri hem hereketli Bugatti Chiron dört turbinaly 8 litrlik W16 hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, onuň agramy 1950 kilograma barabardyr. Öz gezeginde, Chevrolet Corvette ZR1X goşa turbo üfleýjili 5,5 litrlik V8 hereketlendirijisi we goşmaça elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp, onuň umumy agramy bäsdeşinden takmynan 100 kilogram ýeňildir.

Chevrolet-iň transmissiýasynyň özboluşly aýratynlygy, 250 km/sag tizliginden geçilende elektrik hereketlendirijisiniň öçmegidir, şondan soň awtoulag diňe yzky tekerler arkaly işleýär. Duran ýerinden başlamak bilen guralan iki ýaryşda hem Chevrolet Corvette ZR1X ynamly ýeňiş gazanyp, ýoluň ahyrynda bäsdeşinden birnäçe korpus öňe saýlandy.

Hereket edip barýarka başlangyç ýaryşda amerikan superkarynyň sürüjisi robotlaşdyrylan gutuda tizlik saýlamada säwlik goýberip ýeňlen hem bolsa, gaýtadan guralan ýaryş Corvette-iň üstünligini ýene-de tassyklady.

Ýaryşy gurnaýjylar bu duşuşygyň maliýe tarapyna-da ünsi çekdiler. Bugatti Chiron-yň bahasy takmynan 4 million dollara barabar bolsa, iň ýokary derejeli Chevrolet Corvette ZR1X-i bary-ýogy 231 müň dollara satyn alyp bolýar.


21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....