Cadillac özüniň iň çalt elektrik awtoulagy bolan Lyriq-V 2026-ny görkezdi

  • 09.03.2025 07:30
  • 3.3k+

General Motors Hytaýda 2026-njy ýylda öndürilen Cadillac Lyriq-V-ni hödürledi. Bu diňe bir V-Series-iň hataryndaky ilkinji elektrik awtoulagy bolman, eýsem, Tesla Model X Plaid-e we BMW iX M60-a garşy durmaga taýyn bolan, brendiň taryhynda iň güýçli, iň çalt elektrik ulagydyr.

Krossower 880 Nm torkly 615 at güýjüni öndürýän gurluşy aldy. Sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 3,3 sekuntda çykýar.
Model sport korpusy, 22 dýuým tekerler, täzeden sazlanan podweska we Ultium batareýasy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Içinde premium materiallar, eksklýuziw bezeg we AKG ses ulgamy bar.
Önümçilik Şanhaýdaky adaty Lyriq-iň öndürilip ýören SAIC-GM zawodynda ýola goýlar.
Lyriq-V 2026 ilkinji global V-Series modelidir. Hytaýda 2025-nji ýylda satuwa başlamak meýilleşdirilýär we soňra elektrokar beýleki ýurtlarda hem peýda bolar.


24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......