General Motors noutbuk we iýmit goýmak üçin gurlan stolly tirsekligi patentledi

  • 07.08.2025 13:05
  • 3.6k+

General Motors kompaniýasy noutbuk, iýmit ýa-da kitap goýulýan stola öwrülip bilýän tirsekligiň gurluşyny patentledi. Patent üçin arza 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda berildi, ýöne indi çap edildi.

Resminama laýyklykda ulgam üç aýlanýan bölümden durýar. Eplengi ýagdaýda ol  adaty tirseklik bolup, açylanda durnukly tekiz üst bolýar. Gurluş ergonomiki bolup galýar: tirseklik tirsek goýmaga amatlylygyny saklamak bilen, ýola çykylan wagtynda noutbugyň ýa-da iýmitiň agramyny göterip bilýär.
Enjamyň tapawutly aýratynlygy onuň ýerleşýän ýeri bolup durýar. Stoljyk sürüjä-de, öňdäki ýolagça-da ulanmaga oňaýly bolar ýaly, arkalyga däl-de, göni oturgyjyň tirsekligine gurlupdyr. Bu salonda goşmaça ýer boşatmaga-da mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, GM giňden ýaýran daş aralykdan işlemek şertlerinde we ýolda ýygy-ýygydan iýmitlenmek şertlerine laýyk bolup biljek çözgüt hödürleýär. Bu işläp taýýarlamanyň önümçilik awtoulaglarynda peýda boljagy-bolmajagy we haçan durmuşa ornaşdyryljagy entek belli däl.
Häzirki wagtda General Motors-a Cadillac, Chevrolet, Buick we GMC awtoulag markalary degişlidir.


16.11.2025 16:19
2.7k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...

31.10.2025 15:44
4.6k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

22.10.2025 20:17
3.7k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...

17.10.2025 00:22
3.7k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...