Hyundai we General Motors awtomobilleri bilelikde işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär

  • 17.09.2024 11:04
  • 2.7k+

Hyundai Motor Group bilen General Motors geljekki awtomobilleriň we arassa energiýa tehnologiýalarynyň üstünde bilelikde işlemek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (MoU) gol çekdiler diýip, Carscoops habar berýär.

Bu ylalaşygyň çäklerinde kompaniýalar üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirmekde hem-de täjirçilik we ýolagçy awtomobillerini, şol sanda elektromobilleri we wodorod güýç gurluşlaryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek isleýärler.
Resminama hökmany häsiýete eýe däl, ýöne anyk şertnamalary baglaşmak boýunça mundan beýläkki gepleşikler üçin esas döredýär. Oňa Hyundai Motor Group-yň başlygy Ýuýsun Çung we General Motors-yň ýolbaşçysy Meri Barra gol çekdi. Ýakyn wagtda taraplar hökmany şertnamalary giňişleýin maslahatlaşyp başlarlar.
Hyzmatdaşlyk işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gözleg üçin çykdajylary we wagty azaltmaga, şeýle-de sarp edijiler üçin awtomobil assortimentini giňeltmäge gönükdirilýär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....