Chevrolet Equinox 2026 tanyşdyryldy

  • 24.01.2025 12:29
  • 4.1k+

Bir ýyl mundan öň General Motors täze dizaýn we salon bezegini alan Chevrolet Equinox 2025-iň täze dördünji neslini çykarypdy. Indi Chevrolet Equinox 2026 ýetip gelýär, ol ulaga uly bolmadyk üýtgeşmeleri we täze reňki getirer.

GM Authority neşiriniň berýän habaryna görä, Chevy Equinox 2026-nyň köpçülikleýin önümçiligine 2025-nji ýylyň 17-nji martynda başlanar. Söwda dellallary 30-njy ýanwarda deslapky sargytlary kabul edip başlarlar.
Chevy Equinox 2026 kuzowyň Polar White (reňkiň kody G4J) atly täze reňk görnüşini hödürleýär. Polar White deslap 2016-njy ýylda Equinox reňk opsiýalarynyň sanawyna goşulan Iridescent Pearl Tricoat-yň (reňkiň kody G1W) ornuny tutar.
Iridescent Pearl-de we Chevy Equinox 2025-de bolşy ýaly, Polar White diňe Activ we RS komplektasiýalarynda elýeterli bolup, LT-niň esasy komplektasiýasynda bolmaz. LT diňe Summit White reňkinde (reňkiň kody GAZ) elýeterli bolar. Polar White üçin goşmaça tölemeli bolar. Iridescent Pearl Tricoat reňki 2025-nji ýylyň modeli üçin 995 dollarlyk opsiýa hasaplanýar.
Chevy Equinox-iň dördünji nesli 1,5 litr göwrümli turbo görnüşli benzin bilen işleýän I4 LSD hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Awtoulag GM D2 platformasynda guruldy. Ulaglar GM-iň Meksikadaky San-Luis-Potosi zawodynda öndürilýär.


27.04.2026 15:32
3.6k+

GM awtoulagyň işläp taýýarlanyş tizligini birnäçe minuta çenli gysgaltdy: nädip?

General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ​​ konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......

02.03.2026 22:02
1.7k+

Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar

General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar...

16.11.2025 16:19
3.2k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...

31.10.2025 15:44
4.8k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...