GM 2022-nji ýylda ABŞ-nyň bazarynda satuw boýunça Toyota-dan öňe geçip, lider boldy

  • 07.01.2023 11:35
  • 8.9k+

General Motors Co. (GM) amerikan awtoöndürijisi 2022-nji ýylda ABŞ-nyň bazarynda satuw boýunça Toyota Motor Corp. kompaniýasyndan öňe geçip, liderligini gaýtaryp aldy. Geçen ýyl amerikan bazarynda GM-iň satuwy 3% ýokarlanyp, 2 mln 274,088 müň awtomobile barabar boldy. GM elektromobilleriniň satuwy 58% ýokarlanyp, 39,179 müňe ýetdi diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

Şol bir wagtyň özünde, Toyota Birleşen Ştatlarda 2 mln 108,458 müň awtomobil satdy, bu bolsa 2021-nji ýyla garanyňda 10% azdyr. Kompaniýanyň elektrik hereketlendirijili ulaglarynyň, şol sanda gibrid ulaglarynyň satuwy 14%, 504,016 müňe çenli azaldy.
Bu ýylyň dördünji çärýeginde GM ABŞ-da 623,261 müň awtomobil (bir ýyl ozalky degişli çärýege garanyňda +41%), şol sanda 16,266 müň elektromobil (+62%) satdy.
Oktýabr – dekabr aýlarynda Toyota-nyň amerikan bazaryndaky satuwy 536,744 müň awtomobile barabar boldy.
2021-nji ýylda Toyota ABŞ-nyň bazarynda ilkinji gezek satuw boýunça 1931-nji ýyldan bäri birinji orny saklap gelýän GM-den öňe geçip, lider boldy. GM-iň 2022-nji ýylda öňdebaryjylygyny gaýtaryp alandygyna garamazdan, kompaniýanyň satuwy kowidden öňki derejeden ep-esli pes boldy: 2019-njy ýylda awtoöndüriji ABŞ-da tas 2,9 mln awtoulag satdy.


düýn 12:03
9.8k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......