ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy müdirligi (NHTSA) töwekgelçilik döredýän howpsuzlyk ýassygy bilen enjamlaşdyrylan 51 million ulagy yzyna çagyrmak baradaky karary tassyklady. ITHome-iň bellemegine görä, bu awtoulag pudagynyň taryhynda iň uly yza çagyryşdyr.
Yza çagyryş General Motors, Stellantis, Mersedes-Benz, Porsche, Jaguar Land Rover, Maserati, Kia we Hyundai ýaly öndürijileriň ulaglaryna degişlidir.
Yza çagyrylyşyň sebäbi ARC Automotive we Delphi Automotive tarapyndan öndürilen howpsuzlyk ýassygyndaky piropatronlaryň kemçiligi bilen baglanyşyklydyr. Bu komponentler sürüjä we ýolagça şikes ýetirip biljek bölekleri pytradyp, partlap biler. 2009-njy ýyldan bäri ABŞ-da we Kanadada bu kemçilik sebäpli birnäçe adam şikeslendi we heläk boldy: ýedi adama şikes ýetdi, ikisi ýogaldy. Ýene bir adam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginden daşarda aradan çykdy.
NHTSA käbir piropatronlaryň pes hilli ýygnalandygyny, kebşirleýiş wagtynda çykýan hapa maddalaryň howa deşiklerini petikläp, basyşyň ýokarlanmagyna sebäp bolandygyny ýüze çykardy. Piropatronlaryň köpüsiniň kadaly işleýändigine garamazdan, töwekgelçilik ähli yzyna çagyrylýan ulaglara degişli bolmagynda galýar.
Awtoulag öndürijilere we üpjün edijilere teswir bermek üçin 30 gün wagt berildi, ýöne giň gerimde yzyna çagyryşdan gaça durmak mümkinçiligi pes bolmagynda galýar.