Täze Hummer edinmek üçin indi 17 ýyllap nobata durmaly bolar

  • 06.07.2022 09:54
  • 29k+

Täze GMC Hummer EV wnedorožnigini edinmek üçin häzirki wagtda 17 ýyl töweregi nobata durmaly: Wall Street Jounal neşiriniň habar bermegine görä, önümçiliginiň häzirki göwrüminde ähli alnan sargytlary ýerine ýetirmek üçin,  GM konsenine hut şonça ýyl gerek bolar.  

2022-nji ýylyň iýulyndaky ýagdaýa görä, GM-nyň dilerleri Hummer EV üçin 77 müň sargyt aldylar, emma kompaniýa welin, gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 12 awtoulag goýberýär, görnüşi ýaly, bu islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däl. Önümçiligiň göwrüminiň şeýle ujypsyzlygy bu ulag üçin niýetlenen elektron şaý toplumlarynyň we akkumulýatorlaryň ýetmezçiligi bilen baglydyr (Hummer EV-e LG-iň işläp taýýarlan batareýalary goýulýar).  
Gaýtadan dikeldilen "Hummeriň" ilkinji görkezilişiniň 2021-nji ýylda geçendigini, üstesine, täze modeliň elektromobil hasaplanýandygyny ýatlalyň. Onuň top wersiýasy kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolan üç hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. 
Akkumulýatorlary bir gezek berlen zarýad bilen 550 km töweregi ýol geçip bilýär. 


05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......