Hytaýyň awtoulag kompaniýalary 2024-nji ýylda satuwy ep-esli artdyrdy

  • 19.02.2025 17:02
  • 3.7k+

Geçen ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly awtoöndürijileriniň arasynda hytaý kompaniýalary öz satuwyny ep-esli artdyrmagy başardy. Uly ösüşi, esasan, BYD Auto we Geely Holding konsernleri görkezdi diýip, açyk maglumatlara salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Geçen ýyl bu iki kompaniýa satuw boýunça öz rekordlaryny goýdy. BYD Auto 4,52 million täze awtoulag satdy – bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1,4 million köpdür. Geely Holding bolsa satuwyny 538,3 müň birlik, 3,31 milliona çenli artdyrdy.
Mundan başga-da, geçen ýylyň jemi boýunça Ford amerikan kompaniýasy oňyn depgini hasaba aldy. Onuň satuw ösüşi 39,9 müň birlik bolup, 4,08 million awtoulaga ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy satuwy 900 müň awtoulag – 9,63 milliona çenli azaltdy. Bu antireýtingde amerikaly GM Group (615,2 müň, 5,44 million awtoulaga çenli pese gaçyş) we niderlandly Stellantis (527 müň, 5,44 million awtoulaga çenli) hem bar.
Şeýle-de, geçen ýylyň jemi boýunça satuwda pese gaçyşy fransuz Renault-Nissan-Mitsubishi (143 müň, 5,15 million awtomobile çenli pese gaçyş), nemes Volkswagen Group (160 müň, 8,52 milliona çenli), ýapon Honda (180,6 müň, 3,81 milliona çenli) we günorta koreýaly Hyundai (290,5 müň, 6,47 milliona çenli) hasaba aldy.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....