Akylly gyzdyryjy o diýen akylly däl bolup çykdy: GM täze Cadillac Optiq-däki näsazlygy düzedýär

  • 02.04.2025 10:20
  • 2.1k+

General Motors kompaniýasy Cadillac Optiq 2025-iň aýna süpürgiçleriniň durýan ýerindäki gyzdyryjy ulgamyň näsazlygynyň düzedilendigi barada beýanat çykardy. Yşyklandyryşy dolandyryş modulynda programma üpjünçiliginiň näsazlygy sebäpli, aýnanyň düýbündäki gyzdyryjy işlemeýär.

Ony düzetmek üçin, detal çalyşmak zerur däl, diňe täzeden proşiwka etmek ýeterlik. Täzelenme howa boýunça (OTA) ýa-da ygtyýarly diler merkezlerinde gurnalyp bilner. Abatlaýyş zawod kepilliginiň çäginde mugt amala aşyrylýar.
Cadillac Optiq - bu ähli tekerleri hereketli, 300 at güýjüni öndürýän iki sany elektrik hereketlendirijili we 480 km-ä çenli ýöreýiş ätiýaçlygy bolan täze elektrik krossoweridir. 2025-nji ýylyň modeliniň bahasy 54 390 dollardan başlaýar.


16.11.2025 16:19
2.8k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...

31.10.2025 15:44
4.6k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

22.10.2025 20:17
3.7k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...

17.10.2025 00:22
3.7k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...