General Motors elektrik ulaglary jaýlary tok bilen üpjün edip biler

  • 11.08.2023 12:36
  • 13k+

General Motors 2024-nji model ýylyndan başlap, öz elektrik ulaglaryna energiýanyň “paýlanyşyny” funksiýasyny girizip başlar. Çekiş batareýasynda ätiýaçlykda galan ​ elektrik energiýasyny, mysal üçin, jaý bilen paýlaşyp bilerler.

Chevrolet Silverado kysymly awtoulag täze tehnologiýa ilkinji bolup eýe bolar. Ondan soň GMC Sierra Denali Edition 1-e, Chevrolet Blazer we Equinox-e, Cadillac Lyriq-e we Escalade IQ-e nesip eder. 2026-njy ýyldan başlap, agzalan aýratynlyk satylan her GM elektrik awtoulagynda bolar.

Şeýle çözgüt birden elektrik togy kesilende we energiýa çykdajylaryny optimizirlemek üçin peýdaly bolup biler. Ikinji ýagdaýda, eýesi gijäni stasionar ulgamdan pes nyrhda zarýad alyp biler we iň ýokary nyrhlarda ony ätiýaçdaky iň arzan energiýanyň çeşmesi hökmünde ulanar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......