ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

  • 22.10.2025 20:17
  • 3.8k+

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçylaryna salgylanyp, Carscoops neşiri habar berýär.

Ýitgileriň esasy bölegi konserniň önümçilik meýilnamalaryna girizilýän düzedişler bilen baglanyşyklydyr. GM-niň bellemegine görä, hökümet tarapyndan goldawyň yzyna alynmagy elektrik ulaglary bazarynda üýtgeşmelere, şol sanda islegiň peselmegine sebäp bolup biler. Şunuň bilen baglylykda kompaniýa batareýa bilen işleýän ulaglaryň önümçiligine we täze elektrik modelleriniň işlenip taýýarlanylmagyna degişli meýilnamalaryny täzeden gözden geçirýär.
Täze strategiýanyň durmuşa geçirilmegi azyndan 1,2 milliard dollar çykdajy talap eder. Galyan ýitgiler bolsa ozal baglaşylan şertnamalaryň ýatyrylmagy bilen düşündirilýär. GM gelejekde bu çykdajylaryň hasam artmagynyň ähtimaldygyny hem boýun alýar.
Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň elektrik ulaglarynyň satuwy ýylyň üçünji çärýeginde ep-esli artdy: iýul–sentýabr aralygynda satylan ulaglaryň sany 100 %-den gowrak ýokarlandy. Chevrolet brendi ABŞ-da batareýaly ulaglaryň satuwy boýunça ikinji orny eýeledi, a Chevrolet Equinox EV modeli bolsa Tesla hataryny hasaba almazdan, iň meşhur elektrik krossoweri boldy.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......