Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

  • 03.05.2026 23:48
  • 6.5k+

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar.

ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň fewral aýynda Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan köp ýurtlardan import edilýän harytlara girizilen käbir salgytlaryň bikanun diýlip tapylandygy barada çykaran kararyndan soň, salgytlary yzyna gaýtarmak üçin arzalar tabşyrylyp başlandy.

Reuters agentliginiň habaryna görä, Ford Motor, General Motors, Mercedes-Benz we Stellantis kompaniýalary yzyna gaýtarylmaly puluň möçberini ilkinjileriň hatarynda hasapladylar. Ford takmynan 1,3 milliard dollary gaýtaryp almagy göz öňünde tutýar, General Motors bolsa takmynan 500 million dollary gaýtaryp almagy meýilleşdirýär. Mercedes-Benz garaşylýan gaýtaryp alynmaly puly eýýäm birinji çärýegiň maliýe hasabatynda hasaba aldy.

Şol bir wagtyň özünde, awtoulag öndürijiler tölegiň mehanizminiň heniz döredilmändigi sebäpli serişdeleriň alynjak wagtynyň näbelli bolmagynda galýandygyny belleýärler.

Kompensasiýa talaplaryna ýapon kompaniýalary hem goşuldylar. Toyota, Kawasaki, Yokohama we başga-da birnäçe önüm öndürijiler tölenen gümrük salgytlarynyň doly yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Trampyň administrasiýasyna garşy kazyýete arza berdiler.


14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......