General Motors süýşýän gurnama stoljykly goş gutusyny patentledi

  • 26.05.2025 20:22
  • 4k+

General Motors süýşýän gurnama stoljykly kämilleşdirilen goş gutusyny patentlemek üçin arza berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne 2025-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi.

Oýlap tapyş iş stoljugy görnüşinde ulanmaga mümkinçilik berýän mehanizmli goş  gutusydyr. Onuň gurluşy içerki ammaryň dikligine hereket etmegine, şeýle hem adaty bölüme girmek üçin çekmäniň aýlanmagyna mümkinçilik berýär. Iş stoly görnüşindäki gurnama ýer tygşytlamak üçin ýygnalyp ýa-da işlemek üçin giňiş  ýer zerur bolanda açylyp bilner.
Işläp taýýarlaýyş, esasanam, uzak aralyga syýahat edilende ýolagçylaryň rahatlygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. Onuň üstünde işläp, naharlanyp ýa-da awtoulagdakaň planşetden peýdalanyp  bolýar. Käbir wersiýalar çekmäni we stol tagtajygy awtomatiki usulda ýa-da elde süýşürip uzaltmaga we yzyna ýygnamaga mümkinçilik berýän elektrik mehanizm bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ulgam dolandyryş paneline birleşdirildi we salonda goşmaça ýer talap etmeýär.


16.11.2025 16:19
2.7k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...

31.10.2025 15:44
4.6k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

22.10.2025 20:17
3.7k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...

17.10.2025 00:22
3.7k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...