GM podweskasynda howply kemçilik sebäpli Cadillac Lyriq-y yzyna çagyrýar

  • 20.04.2025 19:06
  • 1.9k+

General Motors 2022-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň dekabry aralygynda öndürilen Cadillac Lyriq elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi.

Munuň sebäbi öňdäki podweskanyň stabilizatorynyň boltlarynyň gowşaklygy bilen bagly. Agram düşen ýagdaýynda olar çarçuwadan sypyp biler, bu bolsa ýokary woltly kabellere ýa-da batareýany sowadyş ulgamyna zeper ýetmek howpuny döredýär. Bu elektrik ulagy üçin çynlakaý kemçilik bolup durýar.
Mesele sürlüp barýarka takyrdy we titreme netijesinde ýüze çykýar. GM kemçiligi 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýüze cykardy we gaýtalanmazlygy üçin eýýäm önümçilikde programma üpjünçiligini täzeledi. Hyzmat kampaniýasy 2025-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda başlar. Dilerler ulaglary mugt barlarlar we zerur bolsa berkitmeleri çalşarlar.
Bu yza çagyryş diňe Lyriq modellerine degişlidir. 2026-njy ýylda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýän ýokary öndürijilikli Lyriq-V wersiýasyna degişli däldir. Lyriq-V-iň 3,3 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip bilýändigini we Cadillac elektrik hatarynyň flagmanyna öwrüljekdigini bellemelidiris.


25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......

27.04.2026 15:32
3.7k+

GM awtoulagyň işläp taýýarlanyş tizligini birnäçe minuta çenli gysgaltdy: nädip?

General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ​​ konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......

02.03.2026 22:02
1.7k+

Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar

General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar...

16.11.2025 16:19
3.2k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...