Toyota we GM howpsuzlyk ýassygyndaky näsazlyklar sebäpli 61 müň awtoulagyny yzyna çagyrýar. Modelleriň arasynda Corolla, RAV4 we Matrix bar

  • 01.02.2024 14:18
  • 13k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp.-y we amerikan General Motors-y Corolla-nyň, Matrix-iň, RAV4-iň we Pontiac Vibe-iň, takmynan, 61 müň sany köne modeliniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Takata tarapyndan öndürilen howpsuzlyk ýassygy partlap, awtoulagyň içine metal  bölekleriniň zyňlyp biljekdigi sebäpli, kompaniýalar awtoulaglaryň eýelerini derrew abatlaýyşa çagyrdy diýip, MarketWatch-a salgylanýan INTERFAX habar berýär.

Awtoulag öndürijiler Takata howpsuzlyk howa ýassykly Corolla 2003-2004 awtoulaglarynyň, Matrix 2003-2004 hetçbekleriniň we RAV4 2004-2005 wnedorožnikleriniň käbirlerine degişli "Ulagy sürmekden saklanyň" maslahatyny berdi.
Şeýle hem Matrix bilen çalymdaş 11 müňe golaý Pontiac Vibes 2003-2004 awtoulaglary yzyna çagyrylýar. Olar Kaliforniýanyň şol bir desgasynda öndürildi.
Awtoulaglaryň aglabasy ABŞ-da ýerleşýär.
Howpsuzlyk ýassygy işläp başlanda "sürüjä ýa-da ýolagçylara agyr şikes ýetmegine ýa-da olaryň heläk bolmagyna sebäp bolup biljek ýiti metal bölekleri pytraýar" – diýip, Toyota-nyň beýanatynda aýdylýar.
2009-njy ýylyň maý aýyndan bäri Ýaponiýanyň Takata kompaniýasynyň howpsuzlyk ýassygynyň inflýatorlarynyň partlamalary dünýäde azyndan 30 adamyň, şol sanda ABŞ-da 26 adamyň heläk bolmagyna sebäp boldy. Ýene 400 töweregi adam şikes aldy.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......