General Motors 2026-njy ýylda “Formula-1-de” täze topar bilen ilkinji gezek çykyş eder

  • 28.11.2024 21:50
  • 2.7k+

General Motors (GM) hyzmatdaşy TWG Global bilen bilelikde täze topar döredip, 2026-njy ýylda “Formula-1-e” goşulmakçydygyny resmi taýdan habar berdi. Şeýle-de, kompaniýa geljekki ýaryşlar üçin hususy hereketlendirijilerini işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär diýip, BBC Sport habar berýär.

GM-e degişli bolan Cadillac brendi titul hemaýatkäri bolar hem-de 2026-njy ýyla çenli taýýar boljak hereketlendirijileri işlemek bilen meşgullanar.
Liberty Media-nyň ýolbaşçysy Greg Maffeý GM ýaly iri amerikan brendiniň çempionata goşulmagynyň ABŞ-da “Formula-1-iň” meşhurlygynyň artmagyna ýardam etjekdigini we täze tomaşaçylary çekjekdigini belledi. FIA-nyň prezidenti Mohammed Ben Sulaýem hem bu çözgüdi gutlap, toparyň çempionata üstünlikli girmegi üçin GM bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
Pul baýraklarynyň paýynyň azalmagynyň öwezini dolmak üçin GM we TWG Global “Formula-1-iň” häzirki toparlaryna 450 mln dollar tölär.
Cadillac-yň goşulmagy bilen hereketlendirijileri öndürýänleriň sany Mercedes, Ferrari, Ford, Honda we Audi bilen bilelikde alta ýeter. Gibrid düzüjileriň paýyny 50%-e çenli ýokarlandyrýan 2026-njy ýylyň hereketlendirijiler bilen baglanyşykly täze düzgünleri Ford, Audi, GM we Honda öndürijilerini işe çekmek üçin esasy faktor boldy.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....