Hytaýda General Motors-yň satuwy 82% pese düşdi: kompaniýa strategiýasyny üýtgedýär

  • 19.08.2024 10:05
  • 6k+

General Motors (GM) dünýäniň iň uly awtoulag bazaryndaky satuwynyň pese gaçmagy sebäpli, Hytaýdaky işgärleriniň sanyny azaltmaga taýynlanýar.

Iýul aýynda SAIC General Motors-yň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 82,42% pese düşüp, bary-ýogy 15 000 awtoulag satyldy. Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynyň içinde bolsa, satuwlar 55,14% peseldi.
GM ýerli hyzmatdaşy SAIC bilen Hytaýda alnyp barylýan işleriň düýpli üýtgedilmegi barada gepleşikler geçirmegi meýilleşdirýär.
Işgär sanynyň azaldylmagy, Hytaý bazary bilen baglanyşykly gözleg bölümini hem öz içine alar. GM we SAIC Motor ýakyn günlerde önümçilik kuwwatyny azaltmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşarlar.
Üýtgeşmeler elektromobilleriň önümçiligine geçmegi, önümçiligi premium modellerine gönükdirmegi we premium awtoulaglaryň importyny öz içine alýar. GM has amatly awtoulaglary we elektromobilleri öndürmek üçin SAIC Motor we Wuling Motors bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer, ulaglaryň käbiri Hytaýdan eksport ediler.
Hytaýdaky daşary ýurt markalary ýerli öndürijileriň berk bäsdeşligine we artykmaç önümçilik kuwwatyna duçar bolýarlar.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

25.05.2026 16:22
2.7k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....