GM ulaglaryna sürüjiniň keýpini duýmagy we interýeri şoňa görä sazlamagy öwreder

  • 26.07.2025 17:44
  • 5.3k+

General Motors sürüjiniň ýa-da ýolagçylaryň emosional ýagdaýyny tanaýan we awtoulagyň içini şoňa sazlaýan tehnologiýany patentledi.

Ulgam keýpiňi seljermek üçin kameralary, mikrofonlary, ýüregiň urşunyň sensorlaryny we dem alşy duýýan datçiklerini ulanýar. Alnan maglumatlara esaslanyp, yşyklandyryşy sazlaýar, adamyň özüni duýşuny gowulandyrmak üçin kabinadaky sazy, temperaturany we hatda ys berijiniň ysyny üýtgedýär.


Eger sürüji ýadan bolsa, salonda ýakymly gök yşygy ýakar, asuda saz goýberer we owkalama oturgyjyny işjeňleşdirer. Ulgam gaharly sürüjä ulagy saklap, demini  dürsemegi teklip eder.
Bu tehnologiýa rahatlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, ýöne sürüjileriň şeýle irginç aladany nähili kabul etjekdigi baradaky sowal açyklygyna galýar. Mundan başga-da, duýgulary kesgitlemekde emeli aňyň takyk boljagy şübheli, sebäbi adamlaryň özleri hem öz duýgularyna hemişe düşünip baranoklar.
Mundan başga-da, ýüzüne we fiziologik görkezijilerine yzygiderli gözegçilik edilmegi sürüjileri, ýat adamlaryň, esasanam kärdeşleriniň ýanynda utandyryp biler.
Häzirlikçe tehnologiýa köpçülikleýin öndürmeklige niýetlenen däl-de, synag hökmünde görülýär. Üstünlik takyk ýerine ýetirilişine we sürüjiniň ony doly dolandyryp biliş mümkinçiligine baglydyr. GM innowasiýany durmuşa geçirjek wagtyny yglan etmedi.


16.11.2025 16:19
3k+

Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar

Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler...

31.10.2025 15:44
4.7k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

22.10.2025 20:17
3.7k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...

17.10.2025 00:22
3.7k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...