Gümrük paçlarynyň girizilmeginiň öňüsyrasynda ABŞ-da awtoulaglaryň satuwy ýokarlandy

  • 03.04.2025 13:42
  • 13k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 3-nji aprelden başlap, ýeňil awtoulaglaryň, ýük awtoulaglarynyň we awtoşaýlaryň importyna 25% gümrük paçlaryny girizmek hakynda buýruga gol çekdi. Bu barada ol Ak tamyň Gül bagynda eden çykyşynda mälim etdi diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär.

Bu wakanyň öňüsyrasynda iri awtoulag öndürijileri ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça ABŞ-da satuwlaryň ep-esli artandygyny habar berdiler. Has uly ösüş mart aýynda bellige alyndy.
Şeýlelikde, General Motors-yň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17%, Hyundai-nyňky 10%, Kia-nyňky 11%, Lexus-yňky 14%, Honda we Ford-yňky bolsa 5% ýokarlandy.
«JD Power-iň» bilermenleri bu ösüşiň sebäbini amerikaly alyjylaryň täze gümrük paçlary güýje girmezden ozal awtoulag satyn almak islegi bilen düşündirýärler. Çünki täze paçlar awtoulaglaryň bölekleýin satuw bahalarynyň ýokarlanmagyna getirip biler diýip, «CNBC» habar berýär.
«Bloomberg» neşiriniň bellemegine görä, ýylyň birinji çärýegi ABŞ-nyň awtoulag bazary üçin beýleki çärýeklere garanyňda «adaty» boljak iň soňky döwür bolup biler. Sebäbi ýurduň içerki bazaryndaky awtoulaglaryň, takmynan, ýarysy import edilýär. Şeýle-de awtoulaglar ABŞ-da öndürilse-de, olaryň köp sanly komponentleri daşary ýurtlardan getirilýär. Şol sebäpden bu şaýlar hem ýokarlandyrylan gümrük paçlaryna sezewar bolup bilerler.


17.05.2026 15:44
8.9k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.8k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
13k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......