General Motors arzan elektrik ulaglarynyň önümçiligini çaltlaşdyrmak üçin uly maýa goýumlaryny goýýar

  • 14.10.2024 00:05
  • 4.2k+

General Motors (GM) Miçigan ştatynyň Uorren şäherindäki tehniki merkezinde batareýa öýjükleriniň prototipini işläp taýýarlaýan zawody gurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Taslama 145 million dollar maýa goýlar we ony 2027-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär.

32Cars.ru portalynyň belleýşi ýaly, bu ädim elektrik ulaglary üçin batareýalaryň işläp taýýarlanyşyny çaltlaşdyrmaga we özüne düşýän gymmatyny azaltmaga gönükdirilendir.
Bu zawoda goýulýan maýa goýumlary GM-iň Uorren şäherindäki tehniki merkezini ösdürmek boýunça has giň tagallanyň bir bölegidir, bu kompaniýa oňa soňky bäş ýylda eýýäm 2,5 milliard dollar maýa goýdy.
Täze merkez tehnologiýalaryň çalt üýtgeýän şertlerinde aýratyn möhüm bolan prototipleriň işlenip taýýarlanyşy bilen köpçülikleýin önümçiligiň arasyndaky aralyk tapgyr bolar. GM-niň akkumulýatorlar boýunça wise-prezidenti Kurt Kelty bu inisiatiwanyň täze himiki düzümleri has çalt barlamaga we täze akkumulýator tehnologiýalaryny ösdürmegiň wagtyny gysgaltmak bilen, çykdajylary optimizirlemäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Şeýle hem, taslama GM-niň önümçilik hyzmatdaşlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Keltiniň sözlerine görä, täze merkez täze akkumulýator tehnologiýalarynyň ösüş wagtyny bir ýyla çenli azaldar, bu bolsa elektrik ulagynyň täze modelleriniň bazara çykarylyşyny çaltlaşdyrar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......