General Motors howpsuzlyk kemeri sebäpli ýarym million modeli yzyna çagyrýar

  • 18.08.2022 23:59
  • 16k+

ABŞ-da General Motors-yň ýarym million töweregi modelini howpsuzlyk kemeri sebäpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ugradylar. Cadillac Escalade, GMC Yukon, Chevrolet Suburban we Tahoe wnedorožnikleriniň üçünji hataryndaky kemerleriň pugta däldigi ýüze çykaryldy. Bu barada 17-nji awgustda Motor neşiri habar berdi.

ABŞ-da General Motors wnedorožnikleriniň köpçülikleýin yzyna çagyrylýandygy habar berildi. Meksikadan howpsuzlyk kemerini ugradýan üpjün ediji, görlüp oturylsa, önümçilik prosesini bozan eken, netijede, Cadillac Escalade-iň, GMC Yukon-yň, Chevrolet Suburban-yň we Tahoe-yň 2021 we 2022-nji ýyllardaky modelleriniň üçünji hataryna gowşak kemerler goýlupdyr.

Meksikanyň howpsuzlyk kemerini çykarýan zawodynyň operatorlary «önümçilik proseslerini bolmalysy ýaly berjaý etmändirler we tötänlikde berçinlemek tapgyryny sypdyrypdyrlar».

Gürrüň 2019-njy ýylyň 11-nji noýabryndan 2022-nji ýylyň 27-nji maýy aralygynda öndürilen ulaglar barada barýar. Çagyryş kompaniýasy boýunça hyzmat ediş merkezlerine Cadillac Escalade-iň, GMC Yukon-yň, Chevrolet Suburban-yň we Tahoe-yň 484 155 sanysyny ýollarlar. Hünärmenler üçünji hataryň howpsuzlyk kemerleriniň berkligini barlarlar, gerek bolsa, olary täzesi bilen çalşarlar.


13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......