GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

  • 17.10.2025 00:22
  • 3.8k+

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär.

GM bu çözgüdiň bazardaky ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny aýdýar: elektromobillere bolan isleg ýokarlanýar, wodorod ulaglary üçin bolsa stansiýalar çäkli bolup galýar – ABŞ-da olaryň sany 70-den az. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa Detroýtda 55 mln dollarlyk wodorod gözleg merkeziniň gurluşygyny hem ýatyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa senagat we stasionar ulanylyş üçin ýangyç elementlerini öndürmek boýunça Honda bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.
Wodorod awtomobillerinden ýüz öwürmegi GM kompaniýasyny Toyota we BMW-den tapawutlandyrýar. Olar bu tehnologiýany ýük ulaglary we uzak ýol ulaglary üçin ösdürmegini dowam etdirýär. Amerikan kompaniýasy bolsa maýa goýumlary tiz ödemegine we döwlet goldawyna bil baglap, elektromobillere ünsi gönükdirýär.
Çözgüt GM-iň elektromobil hatarlarynyň esasynda duran Ultium platformasyny ösdürmek bilen hem baglanyşyklydyr. Kyn çärýeklerden we girdeji basyşyndan soň, kompaniýa çykdajylary azaldyp, elýeterli elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine geçişi çaltlaşdyrmak isleýär.
Şeýlelikde, GM öz taryhynda wodorody transportyň geljegi hökmünde gören sahypasyny ýapýar. Indi ileri tutulýan ugur batareýa, infrastruktura we elektrik tehnologiýalary ösdürmek boldy. 


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......