Ford, General Motors we Toyota Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna $1 mln bagyş eder

  • 27.12.2024 18:35
  • 15k+

Iri amerikan awtokonsernleri Ford Motor we General Motors, şeýle-de Toyota ýapon kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümçesi Donald Trampyň inaugurasiýa gaznasyna 1 mln dollar bermek kararyna geldiler.

Reuters bu çözgüdiň ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidentiniň nyrh syýasatynda bolup biljek üýtgeşmeleriň esasynda kabul edilendigini belleýär.
Syýasatçy tarapyndan Meksikadan we Kanadadan import üçin öňe sürülýän nyrhlar awtoöndürijilere, şol sanda Meksikada Tacoma pikaplaryny öndürýän Toyota kompaniýasyna täsir eder diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, Trampyň administrasiýasy, ähtimal, Jo Baýdeniň prezidentlik döwründe kabul edilen ekologiýa ülňüleri baradaky çözgütlere gaýtadan sereder.
1 mln dollardan başga-da, Ford we GM çäre üçin öz awtomobillerini berer.
Mundan öň, Amazon we Meta ýaly tehnoägirtler Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna uly mukdarda pul bagyş etmek barada yglan etdiler.
Ak öýüň saýlanan ýolbaşçysynyň kasam kabul ediş çäresi 20-nji ýanwarda geçiriler.


14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......