Sportkarlardan başlap uçýan ulaglara çenli: GM futuristik nusgalary görkezdi

  • 26.09.2025 20:51
  • 3.9k+

General Motors kompaniýasynyň dizaýnerleri geljegiň elektromobilçiligine bolan garaýşyny görkezýän taslamalaryň toparyny tanyşdyrdylar. P1-den P5-e çenli indekslenen konseptler — sportkaradan başlap, ýolagçy ulagyna, hatda uçýan maşyna çenli dürli ulag görnüşlerini öz içine alýar diýip, Carscoops ýazýar.

Bu nusgalaryň fiziki maketlerini Floridadaky Disney seýilgähinde görkezmek meýilleşdirilýär.
P1 konsepti açyk tekerli, uzaldylan kuzowly, potology bolmadyk sportkar bolup, yzky böleginde güýçli howpsuzlyk arkalygy bilen enjamlaşdyrylandyr.
P2 konsepti gapylaryň sany boýunça P1-e meňzeýär, ýöne teker arkalarynyň ýapyk bolan diýen ýaly bir göwrümli kuzowy bar we döredijileriň pikiri boýunça doly "awtopilot" ulgamyna eýedir.

P3 ýa-da Utility Concept söwda maksatly ulanyş üçin döredildi: bu şäher ýük daşamak üçin futuristik furgondyr. Ol P2-den beýik we onuň teker arkalary has burçludyr.
P4 konsepti bu dizaýnyň indiki ösüşidir: kapsula görnüşli kuzow başga asma ulgamynyň üstünde ýerleşdirilipdir we güýçli protektory bolan tekerler bilen üpjün edilipdir. Ony geljekde ýolagçy ulagynyň prototipi hökmünde kabul etmek mümkin.

P5 konsepti bolsa GM-niň howa ulagynyň ösüşine bolan garaýşyny görkezýär: tekerleriň ýerine damja görnüşli kapsulanyň daşyna dört sany per bolupdyr.
Häzirlikçe General Motors bu konseptleri söwda önümlerine öwrüp-öwürmezligi belli däl.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......