GM smartfona simsiz zarýad bermek üçin oturgyjyň arkalygynda jübi patentledi

  • 24.06.2025 12:02
  • 4.9k+

General Motors kompaniýasy smartfonlar üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny patentledi. Onuň US 2025/0178549 A1 belgi bilen neşir edilen patentinde diňe bir täze amatly jübi däl, eýsem öňdäki oturgyjyň arka tarapynda gurlan doly derejeli zarýad moduly beýan edilýär.

Ulgam ikinji hatardaky ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ulanyjy smartfony merkezi konsolda zarýad beriş paneline goýmagyň ýerine enjamy oturgyjyň arka tarapyndaky çeýe bölüme salyp biler - zarýad bermek awtomatiki usulda başlaýar.
Tehnologiýa magnit induksiýasyna esaslanýar. Katuşkaly modul arkalygyň içki we daşky gatlaklarynyň arasynda ýerleşýär, jübiniň özi bolsa ýumşak materialdan ýasalýar. Bölümi dürli enjamlaryň ölçeglerine laýyk bolar ýaly, dik we keseligine öwrüp bolýar.
Patentde goşmaça elementler: elastik diwarlar, gysgyçlar we oturdylan yşyklandyryş hem beýan edilýär.
Adaty yzky oturgyç jübüsiniň seýrek ulanylýandygyny göz öňünde tutup, GM olary işletmegi teklip edýär. Bu çözgüt, esasanam, çagaly maşgalalar ýa-da ýolda yzygider gajetleri ulanýan ýolagçylar üçin peýdaly bolup biler.
Täze tehnologiýanyň haçan we haýsy modellerde peýda boljakdygy entek belli däl. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň baha bermegine görä, ulgam ýakyn ýyllarda yzygiderli önümçiligini ýola goýup boljaga meňzeýär.


düýn 15:44
3.4k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

22.10.2025 20:17
3.6k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar...

17.10.2025 00:22
3.6k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär...

26.09.2025 20:51
3.8k+

Sportkarlardan başlap uçýan ulaglara çenli: GM futuristik nusgalary görkezdi

General Motors kompaniýasynyň dizaýnerleri geljegiň elektromobilçiligine bolan garaýşyny görkezýän taslamalaryň toparyny tanyşdyrdylar. P1-den P5-e çenli indekslenen konseptler — sportkaradan başlap, ýolagçy ulagyna, hatda uçýan maşyna çenli dürli ulag görnüşlerini öz içine alýar diýip, Carscoops ýazýar...